Türkmen saz medeniýetiniň kökleri çuňdur we ol iki sany esasy ugra bölünýär: sazly halk döredijiligi (hüwdi, zähmet aýdymlary, dessury we dini aýdymlar) we ussat bagşylardyr ezber sazandalar (dutarçylar, gyjakçylar, tüýdükçiler) tarapyndan döredilen nusgawy sungat. Olaryň eşidenini çalyp bilmek ukybyna we halk sazlaryny bilmegine esaslanýan ussatlygy türkmen aýdym-saz hazynasynyň altyn gaznasydyr.
Ýewropa ugrunyň hünäri sazy geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda başlanan has täze tapgyrdyr. Türkmen kompozitorlyk mekdebiniň döredilmegi A.Şapoşnikow, Ýuliý Meýtus, M.Ippolitow-Iwanow, A.Znosko-Borowskiý, K.Korçmarýow, B.Ştogarenko, M.Osokin we G.Litinskiý ýaly beýleki respublikalardan gelen zehinli kompozitorlaryň işjeň goldawy we gatnaşmagy bilen bolup geçdi.
Bu ugurda ädilen esasy gadam W.Uspenskiý tarapyndan ýola goýlan 1920–1930-njy ýyllaryň aýdym-saz we etnografik ekspedisiýalary boldy. Ol türkmen halk sazlaryny nota geçiren ilkinji adamdy. Ýygnalan material W.Belýaýew tarapyndan gaýtadan işlenip, olaryň bilelikdäki işleriniň netijesi «Türkmen sazy» atly monografiýany emele getirdi. Bu ýazgylar G.Lobaçýow, A.Mosolow, A.Haçaturýan, M.Ippolitow-Iwanow we S.Wasilenko ýaly köp sanly dünýä kompozitorlaryny ruhlandyrdy.
Türkmen kompozitorlyk mekdebiniň ösüşiniň başlangyç döwri özboluşly türkmen sazlaşygynyň, gurluşynyň we depginleriniň güýçli gözleg wagty boldy. 1930–1950-nji ýyllarda dürli žanrlary – hor we solo aýdymyny, operany, baleti, kantatany, oratoriýany, simfonik şekilleri we poemalary özleşdiren A.Kulyýew, D.Öwezow we W.Muhatow dagy ilkinji milli awtorlardyr.
1960–1970-nji ýyllar Ç.Nurymow, A.Agajykow, N.Halmämmedow, R.Allaýarow, R.Rejepow, B.Hudaýnazarow ýaly ýaş zehinli kompozitorlaryň döremegi bilen tapawutlandy. Olar abraýly konserwatoriýalarda bilim aldylar we ilkinji türkmen simfoniýalarynyň, guraly konsertleriň hem kamera-saz gurallarynyň awtorlary boldular. Bu döwürde halk aýdym-sazlary bilen baglanyşygy gözlemek güýçlenip, kem-kemden programma sazyndan «arassa» simfoniýa geçmek bilen, milli simfonizm özbaşdaklyga ýetdi. 1980-nji ýyllaryň başynda türkmen kompozitorlyk mekdebi Ýewropa žanrlaryny özleşdirmegi tamamlap, öz däp-dessurlaryny we özboluşly uslybyny döretdi. Ö.Gurbannyýazow, S.Muhatow, J.Gurbangylyjow, S.Tüýliýew ýaly (1972-nji ýylda açylan) Türkmen döwlet sungat institutynyň uçurymlaryny-da goşmak bilen, kompozitorlaryň täze nesli ýüze çykdy. Şol wagtda W.Muhatow, A.Kulyýew, Ç.Nurymow we N.Halmämmedow dagy iň gowy eserlerini döretdiler. Strawinskiý, Bartok, Şostakowiç, Haçaturýan, Şnitke, Penderetskiý, Garaýew ýaly dünýä ägirtleriniň täsiri-de uly boldy.
1970–1990-njy ýyllar uslyby toparlara bölünişigiň başlangyjy bilen bellendi: akademiki däpleriň çäginde (W.Muhatow, A.Agajykow) we XX asyryň kompozisiýasynyň ýörelgelerine esaslanýan (S.Muhatow, R.Allaýarow, Ç.Nurymow, D.Hydyrow) eserler peýda boldy. Kompozitorlar halk döredijiliginiň manysyny has çuňňur ýüze çykaryp, hususy duýgular dünýäsine girip, forma döretmegiň milli ýörelgelerini häzirki zaman kompozitorlyk usuly bilen birleşdirmegiň täze görnüşlerini gözläp başladylar.
Garaşsyzlyk döwrüniň başlanmagy bilen, bu meýiller işjeň ösýär. Häzirki zaman türkmen awtorlary täze saz görnüşlerini we milli sesleri dikeltmegiň özboluşly usullaryny gözleýärler, häzirki zaman kompozitorlyk tehnikasynyň milli gurluş ýörelgeleri we dilden aýdylýan nusgawy däp-dessurlaryň görnüşleri bilen ýygnamyny döretmäge ymtylýarlar. Simfoniýany we kamera orkestrlerini milli gurallar bilen bilelikde ýaňlandyrmaga ymtylyş bar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda täze jemgyýetiň pikirlerini beýan etmek üçin, söz bilen baglanyşykly žanrlara (aýdym, oda, hor sazy, oratoriýa, kantata) gyzyklanma artdy. Sungat işgärleri köplenç taryhy wakalara we milli gahrymanlaryň şekillerine ýüzlenýärler. Soňky ýyllarda diňe guraly žanrlara bolan gyzyklanma gaýdyp gelýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Mukamlar köşgi, Döwlet simfoniki orkestri, Döwlet hory we beýleki toparlar işjeň işleýär. Türkmen kompozitorlarynyň operalary teatrlarda yzygiderli goýulýar. Milli aýdym-saz mirasymyzy gorap saklamaga we ösdürmäge uly üns berilýär we döredijilik ýaryşlary geçirilýär.
Türkmenistanyň hünäri saz medeniýetiniň depginli ösmegine gudrat diýmek bolar. Türkmen kompozitorlyk mekdebi dürli žanrlarda we uslyby ugurlar boýunça eserler döretdi, milli medeniýetleriň hatarynda mynasyp orny eýeledi we täze, özboluşly eserler bilen diňleýjileri begendirip, ösmegini dowam etdirýär.
Gadam Jumagulyýew,
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň mugallymy, dirižýor.