Ykdysadyýet

23.06.2025
168
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 994 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.

22.06.2025
410
1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar
Ýurdumyzyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

20.06.2025
57
Türkmenistanda gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 10–19-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça okuw maslahatyny geçirdi.

20.06.2025
122
Türkmen hünärmenleri Russiýada boldular
Ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ylmy edaralaryň we hususy pudagyň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Russiýanyň Moskwa oblastynyň Mytişi şäherindäki «KrioFrost akademiýasy» ylmy-bilim merkezinde geçirilen «Gidroftoruglerodlaryndan ýüz öwrülmegi jähtinden sowadyjy ulgamlaryň energiýa netijeliligi» maslahatyna gatnaşdy.

20.06.2025
51
Türkmenistanda öndürilen gön önümleriniň görnüşleri artýar
Türkmenistanyň gön we aýakgap senagaty durnukly ösüş ýolunda. Öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we ýokary hilli ýerli çig mal ulanýan häzirki zaman kärhanalaryň işi netijesinde ýokary hilli gön önümleriniň görnüşi has-da artdy.

19.06.2025
1099
Daşoguzda «Mäkäm» kärhanasynyň hünärmenleri 240 orunlyk çagalar bagyny gurýarlar
Daşoguzyň «Gülistan» ýaşaýyş jaýlary toplumynda 240 orunlyk täze çagalar bagynyň gurluşygy başlandy. Ony «Mäkäm» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bina edýärler. Täze bina jemi iki ýarym gektara golaý meýdany tutýar. Häzirki wagtda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwretmek, çagalaryň işjeň oýunlary we döredijiligi üçin hem-de kompýuter enjamlary bilen işlemäge höweslendirmek üçin ähli şertleri döredilen mekdebe çenli çagalar bagynyň düýbüni tutmak üçin işler alnyp barylýar.

19.06.2025
815
Maryda Murgap derýasynyň jülgesindäki howa baha bermek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi
Iýun aýynyň 17-20-si aralygynda Maryda Murgap derýasynyň jülgesindäki howa baha bermek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi. Bu üç günlük okuw Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň sebit maksatnamasynyň çäginde geçdi.

19.06.2025
690
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Pakistanyň portlarynyň hünärmenleri hyzmatdaşlygy berkidýärler
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri Pakistanyň Gwadar we Karaçi portlaryndan kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdiler.

16.06.2025
1114
Türkmenbaşy jins toplumy 30 ýyl bäri bazarda
«Turkmentextile Expo – 2025» halkara sergi-ýarmarkasynda hödürlenen Türkmenbaşy jins toplumynyň önümleri kärhananyň ýurduň dokma senagatynyň öňdebaryjylaryndan biri hökmünde derejesini ýene bir gezek tassyklady. Sergä gelenler täze önümler bilen tanşyp, türkmen jinsileriniň ýokary hiline göz ýetirdiler.

16.06.2025
1203
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.