Ï Okuw ýyly üstünlikli jemlenýär

Okuw ýyly üstünlikli jemlenýär

view-icon 1432
Okuw ýyly üstünlikli jemlenýär

Berkarar Diýarymyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan «Bilim» syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Welaýat Baş bilim müdirligine degişli umumybilim berýän orta mekdeplerde okatmagyň iň kämil usullaryny, sanly ulgamy, innowasion tehnologiýalary bilim edaralaryna ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, netijeli okatmaklygyň täze usullaryny gözlemek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda tamamlanyp barýan 2024-2025-nji okuw ýylynyň görkezijileri bilim işgärleriniň yzygiderli gözlegleriniň we tutanýerli zähmetiniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.

Gündogar sebit boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 397-si hereket edip, olarda mugallymlaryň 21 müň 640-a golaýy ýaş nesilleriň 337 müň 190-dan gowragyna bilim we terbiýe berýär. Tamamlanyp barýan 2024-2025-nji okuw ýylynda uçurymlaryň 21 müň 353-si orta mekdepleri tamamlap, durmuşa ýollanma alarlar. Öňümizdäki täze okuw ýylynda bolsa orta mekdepleriň 1-nji synplaryna körpeleriň 24 müň 230-dan gowragy kabul ediler. Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdep-internatlarynda üstümizdäki okuw ýylyny üstünlikli tamamlamak, synaglary guramaçylykly geçirmek hem-de Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 24-nji martyndaky «2024-2025-nji okuw ýylyny tamamlamak we synaglary geçirmek hakyndaky» buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen sazlaşykly işler alnyp barylýar. 

Welaýatyň mekdeplerinde okuw dersleriniň ählisi boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim berilýändigini okuw ýylynyň dowamynda halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerinde, şeýle hem orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda görkezen netijeleri subut edýär. Polşa döwletinde mart aýynda geçirilen FISO bäsleşiginde, ýagny, Halkara bilim olimpiadasynda welaýatyň ýaş zehinleriniň altyn medallarynyň 91, kümüş we bürünç medallaryň degişlilikde 76 we 46 sanysyna eýe bolmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bulardan başga-da şu ýylyň maý aýyna çenli halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşiklerinde I derejeli diplomlaryň 945-sine, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlaryň hem degişlilikde 31 we 21 sanysyna eýe boldular. Bu üstünlikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji hem-de 39-njy, Dänew etrabyndaky 18-nji, Köýtendag etrabyndaky 28-nji we 29-njy, şeýle hem Saýat etrabyndaky 8-nji orta mekdepleriň zehinli okuwçylarynyň tapawutlanandygyny ýatlap geçmek möhümdir.

Gündogar sebitiň bilim edaralarynda ýurdumyz boýunça «Iň gowy mekdep», «Iň gowy mekdep sport zaly», «Iň gowy mekdep kitaphanasy», «Iň gowy okuw otagy», «Iň göreldeli mekdep müdiri», «Iň göreldeli synp ýolbaşçysy» ady bilen geçirilýän bäsleşikleriň welaýat tapgyrynyň guramaçylykly geçirilmegi hem-de döwlet bäsleşigine gatnaşjak ýeňijileriň kesgitlenmegi bilim işgärleriniň öz işlerine has yhlasly çemeleşmeklerini üpjün edýär. 

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň bilim derejesini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen bilim işgärleriniň ýüzlerçesi okuw ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen döwlet milli dünýä dilleri institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde hünärlerini ýokarlandyrypdyrlar. Bu bolsa, bilim edaralarynda döwrüň talabyna we ösüşine laýyklykda okatmaklyga we terbiýeçilik işlerini alyp barmaklyga ýardam edýär.

Lebap welaýatynyň bilim ulgamynda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleriň esaslaryny ele almaklary, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin alnyp barylýan giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

OSZAR »