4-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar gününe hem-de Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanylyp, «Hormatly Prezidentimiziň ylym we ýokary tehnologiýalaryň ösüşi babatda alyp barýan syýasaty – ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ýagdaýy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň, magistrantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy-barlag institutlaryň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçdi.
Maslahatyň işi umumy mejlisden hem-de temalar boýunça 11 bölümçeden ybarat boldy. Forumyň dowamynda 490-a golaý ylmy çykyşlar diňlenildi.
Çärä gatnaşyjylaryň mazmunly çykyşlary «Ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmekde maglumat ulgamlarynyň we programma üpjünçiliginiň orny», «Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşini ýokarlandyrmakda fizikanyň we nanotehnologiýalaryň orny», «Ýurdumyzda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmekde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti», «Häzirki döwürde ýurduň biologik köpdürliligini öwrenmek we gorap saklamak – durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri» ýaly temalara bagyşlanyldy.
Şeýle hem maslahatda «Türkmen dilini we edebiýatyny okatmagy kämilleşdirmegiň ylmy-usulyýet meseleleri», «Täze taryhy döwürde innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly iňlis dilini we edebiýatyny okatmagyň usulyýeti», «Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we terjime etmegiň innowasion usullary», «Türkmenistanyň taryhyny öwrenmegiň we medeni mirasy goramagyň häzirki zaman meseleleri» diýen temalary açyp görkezýän çykyşlar diňlenildi.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň döwrebap ösüşini hem-de ýurduň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işlerini giňişleýin beýan etdi. Çykyşlaryň mazmuny döwletimizde ylym we bilim ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary netijeliligini hem-de olaryň ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekdäki ähmiýetini ýüze çykardy.