S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biotehnologiýa boýunça I internet olimpiadasyny geçirer.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň ekerançylyk kafedrasy bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş edýär.
Olimpiada taýýarlyk ugruna we hünärine garamazdan her ýokary okuw mekdebinden bäş talyba çenli gatnaşyp biler.
Olimpiada 21-nji maýda 14:00-da sanly ulgam arkaly şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşyjylara test sowallaryň 50-si teklip ediler, jogap bermek üçin 60 minut wagt berler. Her dogry jogap sowalyň çylşyrymlylyk derejesine baglylykda 1-5 ball aralygynda kesgitlenilýär.
Bäsleşigiň eminleriniň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri girýärler. Bäsleşigiň ýeňijileri has köp toplanan ballar esasynda kesgitlener.
Bäsleşikde çykyş etmek isleýänler 15-nji maýa çenli gatnaşyjylar hem-de olaryň jogapkär mugallymlary baradaky maglumatlary uniwersitetiň [email protected] elektron salgysyna ibermelidirler.
Goşmaça maglumatlar +99363889360, +99364975521 telefon belgiler, ýokarda görkezilen elektron salgy boýunça, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi saýtyndaky ýörite bölümde elýeterlidir.
Olimpiada «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasynda öňde goýlan wezipelere laýyklykda geçirilýär.
Olimpiadanyň maksady talyplaryň taýýarlygynyň hiline baha bermekden, olaryň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmaga gyzyklanmalaryny höweslendirmekden, talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmekden, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmakdan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bu ugurlarda netijeli gatnaşyklary ýola goýmakdan, şeýle hem ýurdumyza halkara bäsleşiklerinde mynasyp wekillilik edip bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.