Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň her aýda bir gezek neşir edilýän «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň maý aýyndaky sany çapdan çykdy.
Gazetiň täze sany, däp boýunça, uniwersitetiň esasy täzeliklerini, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bolup geçen duşuşyklary, maslahatlary, bäsleşikleri hem-de beýleki dürli ylym-bilim, döredijilik, sport çärelerini beýan edýär.
Ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň döredijilik we intellektual bäsleşikleriň çäklerinde gazanan üstünlikleri hem-de olara işjeň gatnaşandyklary aýratyn buýsanç bilen bellenilýär.
Türkmenistandaky baýramçylyk we şanly senelere degişli temalara uly üns berlipdir. Gazetiň täze sanynyň sahypalarynda ýokary okuw mekdebiň professorlarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň milli baýramçylyklaryň uly ähmiýeti, olara bagyşlanylan dabaralar hem-de türkmen halkynyň öz ýurduna, taryhyna, medeniýetine we ruhy gymmatlyklaryna çuňňur hormat goýýandygyna şaýatlyk edýän wakalar barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir.
Gazetiň maý aýyndaky sanyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe, Beýik Ýeňiş gününe, Aşgabat şäheriniň gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanylan makalalar girizildi.
Şeýle hem «Söz – uçurymdan» atly makala okyjylar üçin gyzyklydyr, onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymlary talyplyk durmuşy hem-de uniwersitetde geçen okuw ýyllary baradaky ýakymly ýatlamalaryny paýlaşýarlar.
Gazetiň täze sanyny okyjylara beýan edilen makalalaryň many-mazmunyny has çuňňur açyp görkezýän owadan suratlar bezeýär.