Ï Lebap welaýatynda meşhur aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Lebap welaýatynda meşhur aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabara geçirildi

view-icon 1494
Lebap welaýatynda meşhur aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabara geçirildi
camera-icon
Merdan Orazow

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde meşhur aýdymçy, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Oňa medeniýet we sungat işgärleri, dürli pudakda zähmet çekýän ildeşlerimiz, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň agzalary hem-de meşhur aýdymçynyň ajaýyp aýdymlarynyň muşdaklary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden eşretli zamanasy, medeni mirasymyza, aýdym-saz sungatyna goýulýan belent sarpa barada buýsançly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Täsirli çäräniň dowamynda türkmen opera sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur aýdymçy, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň sungata bagyş eden manyly ömri, döredijilik ýoly, gaýtalap bolmajak zehini, ýerine ýetirijilik ussatlygy barada täsirli çykyşlar diňlenildi.

Şeýle hem halypa aýdymçynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýdym-saz sungatyny wagyz etmekde, ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň öňünde medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň mukaddes borjy barada alyp baran çuňňur watançylyga ýugrulan wagyz-nesihat işleri nygtalyp bellenildi. Ýokary ruhubelentlige beslenip geçen döredijilik duşuşygynyň dowamynda welaýatyň sungat ussatlarynyň meşhur aýdymçynyň aýdan aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri bagtyýar zamanamyzda halypanyň döredijilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli sungatynyň ösmekligine ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

OSZAR »