Ï Zehinli aktýorlar

Zehinli aktýorlar

view-icon 499
Zehinli aktýorlar

Daşoguz welaýatynyň Andalyp şäherinde ýerleşýän Andalyp halk teatrynyň topary häzirki wagtda lebaply drama ýazyjysy G.Jumaýewiň «Saňa ýalan, maňa çyn» atly gülküli sahna oýnuny taýýarlaýar.

Täze işiň režissýory – höwesjeňler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Hümmedow. Täze sahna oýnunda milli däp-dessurlary, urp-adatlary, söýgi hekaýatlaryny we adaty gündelik ýagdaýlary görkezýän köp zatlar utgaşýar. Baş keşpleri etrap medeniýet bölüminiň işgäri O.Babaýewa, hünäri boýunça mugallym D.Piriýewa, sazanda G.Toýlyýewa we başgalar ýerine ýetirýärler.

Halk teatr oýunlarynyň üstünligini köplenç oýnaýan aktýorlaryň aýratyn duýgulary üpjün edýär diýen pikir bar. Bu geň zat däl – çünki diňe teatry hakykatdan gowy görýänler we köp wagtyny başga bir hünäre bagyş edýänem bolsa, sahnada keşbini özgertmek sungaty bilen tomaşaçylary begendirmek mümkinçiligini elden bermeýänler şunuň ýaly höwesjeňler teatrynyň artisti bolup bilýärler. Welaýatyň iň gowularynyň biri bolan halk teatr toparynyň özeni hem dürli hünärli adamlardan ybarat. Olaryň hemmesini söýgüli sungata hyzmat etmek islegi birleşdirýär. Höwesjeň artistler bu topara birnäçe onýyllyklar bäri ýolbaşçylyk edip gelýän halypa aktýor Azat Hümmedowdan teatr endiklerini öwrenmek isleýärler. Ýolbaşçynyň sözlerine görä, onuň kömekçilerinden biri-de teatryň sahna suratkeşi N.Ballyýew.

Häzirki wagtda halk teatrynyň repertuarynda giň tomaşaçy köpçüligi üçin niýetlenen onlarça dürli oýun bar. Onuň aktýorlary Akdepe etrabynyň zähmetkeşleriniň arasynda we okuw jaýlarynda çykyş edýärler. Hasyl möwsüminiň gyzgalaňly döwründe olar ýerli meýdan düşelgelerine barýarlar. Baýram günlerinde-de dürli teatr çykyşlaryny amala aşyrýarlar. Şunuň ýaly depginli iş, teatr ugrunda üstünlik gazanmak islegi öz miwesini berýär – geçen ýyl bu teatr welaýatda öz derejesinde «Iň gowy teatr» diýlip ykrar edildi, ondan öň bolsa onuň bir işi ýurtda abraýly ikinji orna mynasyp bolupdy.

Etrap medeniýet bölümlerinde başga halk teatrlarynyň-da üstünlikli işleýändigini, sahna oýunlary bilen tomaşaçylary hemişe begendirýändigini bellemelidiris.

OSZAR »