Ï Türkmenistan howa bilimine bagyşlanan sebitleýin webinara gatnaşdy

Türkmenistan howa bilimine bagyşlanan sebitleýin webinara gatnaşdy

view-icon 1216
Türkmenistan howa bilimine bagyşlanan sebitleýin webinara gatnaşdy

Şu ýylyň 26-njy iýunynda türkmenistanly mugallymlar we bilim pudagyndaky hünärmenler howa bilimine bagyşlanan sebit webinaryna gatnaşdylar. Webinara gatnaşanlar «Howa gutusy» atlandyyrlýan bilim «sandygyna» goşmaça materiallaryň goşulmagy, taslama täzelikleri barada habarnamalary almak işini sazlamak barada pikir alyşdylar.

Wekiller geçirilmesi şu ýylyň ikinji ýarymyna meýilleşdirilýän möhüm wakalara garadylar. Bu okuw ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin sanly gurallary ulanyp, howa bilimini goldamaga gönükdirilen birnäçe webinaryň dowamy boldy.

BMGÖM Bütindünýä ekologik gaznasynyň goldawy bilen mekdep okuwçylary üçin «Howa gutusy» atly howa üýtgewi mowzugy boýunça materiallar toplumyny taýýarlady.

«Howa gutusy» ýaş nesli howa üýtgewi mowzugyny öwrenmäge çekmek üçin döredilen interaktiw bilim toplumydyr.

OSZAR »