Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan sowgat hökmünde täze kitaplar aldylar.
Ýaponiýanyň ilçihanasynyň berýän habaryna görä, bu ädim «The Nippon Foundation» Ýapon gaznasy we «Tokyo Foundation for Research Policy» derňew merkezi tarapyndan amala aşyrylýan «READ JAPAN PROJECT» taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Täze kitaplar atlary agzalan bilim edaralarynyň kitaphana gaznalarynyň üstüni ýetirer we mugallymlar hem talyplar tarapyndan ylmy-pedagogiki işlerde ulanylar.
«READ JAPAN PROJECT» taslamasy dünýäniň dürli ýurtlarynyň uniwersitetleri we kitaphanalary tarapyndan Ýaponiýa hakynda iňlis dilinde ýazylan kitaplary sowgat bermek maksady bilen 2008-nji ýylda işe girizildi.