Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama oýnunda sişenbe güni Tailandyň toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykmak bilen, ikinji ýeňşini gazandy. Duşuşyk 15,545 tomaşaçynyň gatnaşmagynda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçdi.
Tailandyň milli ýygyndy toparyna köplenç «Söweş pilleri» diýilýär. Bu lakam Tailandyň taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly, çünki onda piller aýratyn orny eýeläpdirler.
Soňky iki ýylyň dowamynda «Söweş pilleriniň» baş tälimçi hökmünde 58 ýaşly tanymal ýapon hünärmeni Masatada Isii işledi. Onuň ýolbaşçylygynda Ýaponiýanyň «Kaşima Antlers» topary 2016-njy ýylda toparlaryň dünýä çempionatynda finala çykypdy, şonda ol goşmaça wagtda 2:4 hasabynda Madridiň «Real» toparyndan asgyn gelipdi, Tailandyň «Buriram United» topary bolsa yzly-yzyna iki möwsümde (2021-22 we 2022-23-nji ýyllarda) Tailandyň Kubogynda we Tailandyň ligasynyň Kubogynda ýeňiş gazanmak bilen, çempion bolupdy.
Duşuşykdan bir gün ozal oýnuň öňüsyrasynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda Masatada Isii: «Biz Aşgabada ýeňiş üçin geldik» – diýdi.
Tailandyň ýygyndy topary FIFA-nyň görkezijisinde türkmen toparyndan 43 ýer öňde bolmak bilen, 99-njy ýeri eýeleýär. Şahsy duşuşyklaryň taryhy-da biziň toparymyzyň peýdasyna däldi. Aşgabatdaky duşuşykdan öň garşydaşlar iki gezek ýoldaşlyk duşuşyklary oýnadylar. Olaryň birinjisi 1998-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Bankokda 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlanypdy, ikinjisinde bolsa 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Sisaketdäki öz meýdançasynda geçen duşuşykda taýlandlylar ýeňiş gazanypdylar – 1:0 hasabynda.
Türkmenistanyň we Tailandyň ýygyndy toparlary bu saýlama oýnuna «D» toparçanyň öňbaşçylary hökmünde geldiler. Birinji tapgyrda türkmen futbolçylary Hytaýyň Taýpeýinden 2:1 hasabynda üstün çykdy, Tailandyň topary bolsa öz meýdançasynda Şri-Lankanyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.
Türkmenistanyň we Tailandyň ýygyndy toparlarynyň taryhy duşuşygynyň ilkinji minutlarynda myhmanlar jerime meýdançasynyň daşyndan howply hüjüm etdiler, derwezeçi Resul Çaryýew kynlyk bilenem bolsa, onuň hötdesinden geldi. 36-njy sekuntda bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparynda oýnamaga iki ýyllap höwes bildiren Gyrgyzystanyň «Uzgen» toparynyň hüjümçisi Mihail Titow garşydaşyň jerime meýdançasynda iki goragçyny geçip, pökgüni tora salmak bilen, milli toparyň taryhynda iň tiz salnan pökgüniň awtory boldy.
Masatada Isiiniň şägirtleri derrew öwez topuny urmaga girişdiler. Olar birnäçe howply hüjümem etdiler we 35-nji minutda jerime meýdançasyndan ýokardan urlan pökgüni uzyn boýly Supaçaý Çaýded kellesi bilen urup, hasaby deňledi – 1:1.
Eýsem-de bolsa, derwezä topuň girmegi türkmen futbolçylarynyň ruhuny peseltmedi we iki minutdan soň olar ýene-de öňe saýlandylar. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen goragçy Mekan Saparow pökgüni Şanazar Tirkişowa geçirdi, ol bolsa jerime meýdançasynyň sag burçunda iki goragçydan geçip, Yhlas Saparmämmedowa geçirip, derwezeçi meýdançasynyň uzak burçunda duran Yhlas-da topy ikinji gezek depmek bilen, ony hiç bir päsgelçiliksiz tora saldy.
Hasap biziň oýunçylarymyzyň peýdasyna 2:1-kä toparlar arakesmä çykdylar.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda Röwşen Meredowyň şägirtleri oýny ynamly alyp barmaklaryny dowam etdirdiler we, hatda 66-njy minutda artykmaçlygy iki top artdyrdylar. Üçünji salnan pökgüniň awtory Mekan Saparow boldy, ol sag burçdan pökgüni tora girizdi.
Soňky galan wagtda myhmanlar hasapdaky tapawudy biraz hem bolsa azaltmak üçin, köp tagalla etdiler. Ýöne isleglerine ýetip bilmediler.
Tailandyň toparynyň üstünden gazanylan ýeňiş alty ýylda öz meýdançamyzda, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň täze baş tälimçisi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda gazanylan ilkinji ýeňişdir: 2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda «Köpetdag» stadionynda Şri-Lankanyň topary 2:0 hasabynda ýeňlipdi. 42 ýaşly bu hünärmeniň ýygyndy topara Tailand bilen duşuşyga bary-ýogy iki hepde öň ýolbaşçylyk edip başlandygyny we futbolçylar bilen güýçli garşydaşa garşy oýunda gowy netije gazanmagy başarandygyny ýatladýarys.
2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň jemleýji tapgyryna «D» toparçadan geçmäge ýeke-täk mümkinçilik ugrundaky göreşde möhüm ýeňiş gazanyp, 6 utuk toplan türkmen futbolçylary ýaryş sanawynyň başyna geçdi. Şri-Lankanyň we Tailandyň toparlary ondan 3 utuk yzda. Ikinji tapgyrda Şri-Lankanyň toparyndan 1:3 hasabynda utulan Hytaýyň Taýpeý toparynda entek utuk ýok.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynda indiki duşuşygy 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Şri-Lankanyň toparyna garşy oýnarlar.