Ï Türkmenistanyň harbylary Gyzyl meýdanda Ýeňiş ýörişine gatnaşdylar

Türkmenistanyň harbylary Gyzyl meýdanda Ýeňiş ýörişine gatnaşdylar

view-icon 3335
Türkmenistanyň harbylary Gyzyl meýdanda Ýeňiş ýörişine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýonynyň esgerleri Moskwanyň Gyzyl meýdanynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly  ýörişe gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyna hatyra çärelerine gatnaşmak üçin gelen harby bölümi mübärekledi.

Türkmenistanyň edermen ogullary umumy Ýeňşe bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular. Gaýduwsyz ildeşlerimiz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde janaýamazakly söweşdiler, deňi-taýy bolmadyk batyrlyk, merdanalyk we gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olaryň şöhratly edermenligi Watana  çuňňur söýginiň,  edermenligiň we borja wepalylygyň ajaýyp mysalydyr. Jeň meýdanynda wepat bolanlaryň we iline Ýeňişli gaýdyp gelenleriň ady köp jiltli “Hatyra” we “Şöhrat”  neşirlerine hemişelik ýazyldy.

Şu günler Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy  mynasybetli dabaraly çäreler, şol sanda Aşgabatdaky “Baky şöhrat” ýadygärliginde däp bolan gül goýmak dabarasy, baýramçylyk konsertleri we tematiki sergiler geçirilýär.

OSZAR »