Ï Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda geçirilen dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda geçirilen dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar

view-icon 817
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda geçirilen dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar

Türkmen agyr atletikaçylary Peruwyň paýtagty Lima şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň (U17) we ýaşlaryň arasynda geçirilen (U20) dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar, bu ýerde baýrak ugrunda 77 ýurtdan gelen 531 türgen (265 gyz we 266 oglan) bäsleşdi.

Ýaryşa Türkmenistanyň toparyndan 7 türgen (ýaşlaryň ýaryşynda 4 oglan we ýetginjekler ýaryşynda 3 gyz) gatnaşdy, olaryň bäşisi ýurdumyza 2 altyn, 7 kümüş we 3 bürünç medal getirdiler.

Ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşda Anamjan Rustamowa ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby bu üstünligi medal ugrunda 12 agyr atletikaçylaryň bäsleşen 87 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Ol birinji ştangany silterläp götermekde 105 kilogram we 108 kilogram agramlygy götermek üçin iki synanyşyk edip, altynjy netijäni görkezdi. Ştangany itekläp götermekde bolsa Anamjan Rustamowa 134 kilogram, 137 kilogram we 141 kilogram agramlygy götermek üçin üç synanyşygyň üçüsini-de üstünlikli ulanyp, altyn medal gazandy.

Netijede, iki ýaryşyň jemi boýunça 249 kilogram agram göteren A. Rustamowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Ikinji ýeri Maýryn Wanessa Ernandes Lizarraga (Meksika) – 244 kilogram (109 + 135), üçünji ýeri bolsa Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) baýdagy astynda çykyş edýän russiýaly Mariýa Gruzdowa eýeledi – 242 kilogram (108 + 134) netije bilen.

Geçen ýyl Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda Anamjan Rustamowa diňe ýekeje bürünç medal alypdy. Indi bolsa ştangany itekläp götermekde we ýaryşyň jemi boýunça iki altyn medal gazanmak bilen, 8-nji maýda doljak 19 ýaşyna ajaýyp sowgatly geldi.

Ol agyr atletika bilen meşgullanmaga ilkinji tälimçisi Deripbaý Kerimbaýewiň ýolbaşçylygynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda başlapdy. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Meretguly Sahetmyradowyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Ildeşlerimiz dünýä birinjiliginiň galan on medalyny ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda (17 ýaşa çenli) gazandylar. Türkmenistanyň toparyna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kakamyrat Annamyradow, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» sport mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Didarbek Jumabaýew we Mary şäherindäki 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Yslam Akmyradow hersi üç medal getirdi.

Kakamyrat Annamyradow 73 kilograma çenli agram derejesinde ştangany silterläp götermekde bürünç medal (130 kg), ştangany itekläp götermekde (160 kg) we iki ýaryşyň jemi boýunça 290 kilogram agramlygy götermek bilen iki sany kümüş medal gazandy. Bürünç medalyň eýesi Ernur Myrzahmetden (Gazagystan) 4 kilogram öňe geçdi – 286 kilogram (131 + 155). Bu ýerde 306 kilogram (141 + 165) netije gazanan Huseýn Metwally Hamuda Abdelrahman (Müsür) dünýä çempiony boldy.

Didarbek Jumabaýew 15 türgeniň bäsleşen 81 kilograma çenli agram derejesinde ştangany itekläp götermekde, silterläp götermekde we iki ýaryşyň jemi boýunça üç kümüş medala mynasyp boldy. Ol iki ýaryşyň jemi boýunça 305 kilogram (137 + 168) netije bilen, bürünç medalyň eýesi Maksim Wasilonoksdan (Latwiýa) 8 kilogram köp göterdi – 297 kilogram (136 + 161). Bu ýerde iň gowy netijäni Sergeý Kotelewskiý (Ukraina) görkezdi – 314 kilogram (142 + 172) netije bilen.

Yslam Akmyradow 7 agyr atletikaçynyň bäsleşen 96 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandy. Ol ştangany silterläp götermekde kümüş (141 kg), ştangany itekläp götermekde bürünç (175 kg), iki ýaryşyň jeminde bolsa ýene kümüş (316 kg) medal gazanmak bilen, üçünji orny eýelän Parwa Çaudhardan (Hindistan) 1 kilogram artyk göterdi – 315 kilogram (140 + 175). Bu agram derejesinde hormat münberiniň birinji basgançagyna Grigor Kazarýan (Ermenistan) üç gezek çykdy – 330 kilogram (145 + 185) netije bilen.

Kümüş medal gazananlaryň üçüsine-de – Kakamyrat Annamyradowa, Didarbek Jumabaýewe we Yslam Akmyradowa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýew tälim berýär.

Türkmenistanyň toparynyň başga bir wekili Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ogulşat Amanowa 16 agyr atletikaçynyň bäsleşen 55 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Ýöne ol ştangany silterläp götermekde altynjy netijäni görkezdi (79 kg) we iki ýaryşyň jemi boýunça (180 kg) bürünç medalyň eýesi Nikoleta Kojokarudan (Moldowa) 182 kilogram (82 + 100) netijesi bolan we ondan 2 kilogram yza galmak bilen, dördünji orny eýeledi. Bu agram derejesinde 188 kilogram (84 + 104) netije görkezen Jody Peralta (Filippinler) dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, ol ikinji orny eýelän I Thodan (Wýetnam) 5 kilogram artyk göterdi – 183 kilogram (80 + 103).

Bu eýýäm Ogulşat Amanowanyň ýetginjekleriň dünýä çempionatyndaky dördünji çykyşydyr. 2022-nji ýylda Meksikanyň Leon şäherinde geçirilen şular ýaly ýaryşa 12 ýaşynda ilkinji gezek gatnaşanda, ol 45 kilograma çenli agram derejesinde 12 türgeniň arasynda 6-njy orny eýeläpdi we üç sany şahsy rekord goýupdy – ştangany silterläp götermekde 61 kilogram, ştangany itekläp götermekde 75 kilogram we iki ýaryşyň jemi boýunça 136 kilogram agramlykda netije görkezdi. 2023-nji ýylda 156 kilogram netije bilen 45 kilograma çenli agram derejesinde (17 ýaşa çenli), 2024-nji ýylda bolsa 49 kilograma çenli agram derejesinde jemi 168 kilogram agyrlyk göterip, dünýä çempiony boldy.

Bu ýyl kakasy Gurbandurdy Amanowdan tälim alýan 15 ýaşly Ogulşat dünýä çempionatynda 55 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji gezek çykyş edip, öňki ýeten derejesini 12 kilogram ýokarlandyrdy.

Beýleki türkmen agyr atletikaçylaryň arasynda 205 kilogram (91 + 114) netije görkezen Medine Amanowa 8-nji, Gülälek Kakamyradowa jemi 199 kilogram (91 + 108) netije bilen 10-njy ýeri eýeledi.

Geçen ýyl Peruwyň paýtagty Lima şäherinde geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary 7 medal (3 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç), Leon (Ispaniýa) şäherinde geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda bolsa 4 medal (3 altyn we 1 bürünç) gazanypdylar.

OSZAR »