Ï Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi derejesi berildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi derejesi berildi

view-icon 669
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi derejesi berildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Sebitleýin okuw merkezi derejesi berildi. 2025-nji ýylyň 29-30-njy aprelinde Brýussel şäherinde (Belgiýa) geçirilen Bütindünýä gümrük guramasyna agza Ýewropa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýyllyk maslahatynda şeýle karar kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Kerim Ahmedow Okuw merkeziniň mümkinçilikleri barada gürrüň berende onuň halkara ülňülerine laýyk gelýändigine, häzirki zaman infrastrukturasynyň, şeýle hem tejribe alyşmak maksatnamalaryny guramak we hünärmenleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Okuw merkezine BGG-niň Sebitleýin okuw merkezi derejesiniň berilmegi gümrük dolandyryşy we hünärmenleri taýýarlamak babatda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýene bir subutnamasy boldy.

2025-nji ýylyň iýunyna meýilleşdirilýän BGG-niň geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä gümrük guramasynyň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilmegi bu başlangyjy durmuşa geçirmegiň jemleýji tapgyry bolar.

OSZAR »