Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde polşaly suratkeş Ioanna Galeskanyň suratlarynyň sergisi açyldy.
Bu onuň ýurdumyza ilkinji gezek sapary däl, nakgaşyň her sapary Türkmenistan barada çekilen suratlar sergisi bilen tamamlanýar. Bu gezek döredijilik saparynyň netijesinde ýaz paslyna gabat gelenligi sebäpli adamlaryň durmuşy we türkmen bahary barada gürrüň berýän 25 surat çekdi.
Ioanna Galeskanyň suratlaryna syn edeniňde awtoryň ýurdumyza aşyk bolan daşary ýurtlydygyny derrew aňýarsyň. Ol ýurdumyzyň röwüşlerini aýratyn üýtgeşik nazarda görýär. Ioanna Galeska reňkler bilen däl-de, hekjagazlar – pasteller bilen surat çekýär.Şonda-da Ioannanyň suratlary žiwopis bolup görünýär.
Serginiň açylyş dabarasynda türkmen suratkeşleri polýak suratkeşiniň işine ýokary baha berdiler. Sungat öwreniji Azat Annaýew 2001-nji ýylda daşary ýurtly myhman ýurdumyza ilkinji gezek gelende onuň bilen nädip tanyşandygyny ýatlap şeýle gürrüň berdi:
– Ioanna Galeska Türkmenistany görenden haýran galyp «Bu ýurduň reňklere baýdygyny!» – diýdi. Nakgaşyň Türkmenistan baradaky eserlerinde onuň ýurdumyza bolan söýgüsini duýmak bolýar. Galyberse-de, özünde galan ilkinji täsirden ugur alyp işleýär. Pastel usuly şeýle bolýar, onda ýalňyşmak ýa-da hiç zady düzedip bolmaýar. Şonuň üçinem onuň suratlarynda ýeňillik duýulýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Dilarom Ýakubowa Ioanna Galeskanyň döredijiligine özüçe baha berýär, onuň bu topragyň gözelligini şeýle çalt duýup bilşine haýran galýar.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmmedow polýak suratkeşiniň üstünligini onuň diňe öz ýüregine ýakyn zatlary, halan zadyny çekýändigi düşündirýär. Suraty onuň özüne ýaraýan bolsa, ol hemmeleriň göwnünden turar.
Ioanna gazetimize beren söhbetdeşliginde: – Bu gezek Çülä, Nohura we Türkmenbaşy şäherine baryp görmek miýesser etdi – diýdi – Aşgabatda Teke bazaryna we Gündogar bazaryna baryp gördüm. Nohurdan gelýärkäm dagyň üstünde ýaýnap ýören taýharlaryň üýtgeşik oýnuny hem gördüm. Meni gyzyklandyrýan zatlaryň hemmesini çekmäge çalyşdym. Elbetde, mende galan täsirler 25 surat bilen çäklenmeýär. Belki, «Türkmen bahary» tapgyryny, ýöne özüm üçin dowam ederin. Türkmenistanlylaryň meniň döredijiligimi halaýandygyna juda begenýärin.