Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda, Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.
Ykbaly erteki ýaly adamlar bolýar, Maýa Kulyýewanyň ykbaly hem şoňa meňzeşlerden. Çagalygynda ýetim galyp, çagalar öýünde terbiýelenýär. Ol soňy bilen çeper höwesjeňleriň çykyşlaryna gatnaşdy, şol ýerde gyzyň labyzly sesini aňyp, ony P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasyna okuwa iberdiler. Maýa Kulyýewa Aşgabat şäherine gaýdyp gelen diplomly ilkinji opera aýdymçylarynyň biridi. Meşhur daşary ýurt operalaryndan ariýalary ýerine ýetirip, türkmen operalarynyň eserlerine gatnaşyp, çykyşlarynda abraý gazandy. Ömrüniň ahyryna çenli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda operalary goýmak boýunça geňeşçi bolup işledi.
Türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin oňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy. Türkmen milli konserwatoriýasy onuň adyny göterýär, bu ýerde Maýa Kulyýewanyň muzeýi açyldy.
Maýa Kulyýewanyň doglan güni mynasybetli konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary konsert berdiler. Onda halk artistiniň ýerine ýetiren eserleri ýaňlandy. Monitorda Maýa Kulyýewanyň durmuşyndan we döredijiliginden wideoşekiller görkezildi.
Sahnada Nury Muhadowyň «Gözler bilen», Weli Muhadowyň «Söýgülim gelýär», Çary Nurymowyň «Zary bilen» we beýleki eserler ýaňlandy. Tomaşaçylar Daňatar Öwezowyň «Aşgabat» aýdymyny we Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan bölekleri aýratyn höwes bilen diňlediler.
Konsert oňa gatnaşan aýdymçylaryň ählisi – Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewanyň we Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Aýna Seýitgulyýewanyň we Bibijemal Amanowanyň, şeýle hem Begenç Moşyýewiň, Begdurdy Çerkezowyň, Arzygül Gylyjowanyň, Amangeldi Amanowyň bilelikde ýerine ýetirmeginde Çary Nurymowyň «Toý aýdymy» bilen jemlendi.
Konserti saz taryhy kafedrasynyň müdiri Bahar Ýakubowa alyp bardy.