I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 55-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
1) 1-nji maddanyň 11-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«111) elektron wiza (e-Visa) — daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýän, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirilýän resminama;»;
2) 10-njy maddada:
birinji bölekde şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Türkmenistana gelmeginiň maksatlaryna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara wizalar berilýär ýa-da elektron wizalar resmileşdirilýär.
Elektron wizalaryň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda amala aşyrylýar.»;
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we hereket ediş möhletini uzaltmagyň tertibi, şeýle hem elektron wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we hereket ediş möhletini uzaltmagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.»;
üçünji bölekde:
birinji tesimde «hem-de bu barada» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan» diýen sözleri goşmaly;
şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Elektron wizalar resmileşdirilende Türkmenistana gelmek üçin çakylyklaryň resmileşdirilmegi we berilmegi talap edilmeýär.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamyndaky çakylygyň elektron görnüşde resmileşdirilmegi ýa-da elektron wizanyň resmileşdirilmegi barada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna, Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde habar iberilýär.»;
dördünji bölekde «möhletiniň uzaldylmagy,» diýen sözlerden soň «elektron wizanyň resmileşdirilmegi,» diýen sözleri goşmaly;
altynjy bölekde:
birinji tesimde «uzaltmak» diýen sözden soň «, şeýle hem elektron wizalary resmileşdirmek» diýen sözleri goşmaly;
11-nji bentde «fiziki şahslaryň delillendirilen» diýen sözlerden soň «ýazmaça ýa-da elektron» diýen sözleri goşmaly;
ýedinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«7. Ýazmaça we elektron ýüztutmalaryň nusgalary, ýüztutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawy, ýüztutmalary bermegiň tertibi, şeýle hem wiza stikeriniň hem-de elektron wizanyň nusgalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.».
sekizinji bölegiň birinji tesiminde «ýuridik we fiziki şahsyň», «derejesiniň resmileşdirilmegi» diýen sözlerden soň degişlilikde «ýazmaça ýa-da elektron», «we berilmegi/elektron wizanyň resmileşdirilmegi» diýen sözleri goşmaly;
dokuzynjy bölegiň birinji tesiminde «resmileşdirilmegi» diýen sözden soň «we berilmegi/elektron wizanyň resmileşdirilmegi» diýen sözleri goşmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 12-nji apreli.